«Keý-pop arwah awçylary» (Кей-поп-охотницы на демонов) atly meşhur multfilmiň dowamy surata düşüriler. Bu barada Netflix striming platformasynyň we Sony studiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. Multfilmiň dowamynyň 2029-njy ýylda çykmagyna garaşylýar. Onuň režissýory wezipesini ýene-de Meggi Kan we Kris Appelhans ýerine ýetirer. Sýužet barada maglumat berilmeýär. Ilkinji multfilm 2025-nji ýylyň tomsunda ekrana çykdy we ol meşhur koreý keý-pop topary bolan «Huntrix-iň» agzalary barada gürrüň berýär. Gyzlar boş wagtlarynda jadyly aýdymlaryň we horeografiýanyň kömegi bilen arwahlary awlaýar hem-de parallel dünýäden gelen gelmişeklere garşy söweşýär. «Awçylar» häzirki wagtda Netflix-iň taryhynda iň meşhur taslama hasaplanýar (500 milliondan gowrak tomaşa). Tankytçylar hem bu multfilme ýokary baha berdi. Ol Rotten Tomatoes saýtynda 91% oňyn ses aldy. Multfilm «Altyn globus» we «Gremmi» baýraklaryna mynasyp boldy, şeýle hem iki sany «Oskar» baýragyna dalaşgär görkezildi.