2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi. Bu barada Ministrligiň metbugat gullugy habar berýär. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, halkara guramalarynyň hünärmenleri hem-de sosial hyzmatdaşlar gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmek, mynasyp zähmet ýörelgelerini ilerletmek we durmuş ugurly döwlet syýasatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa öz çykyşynda ýurduň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini we ilatyň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmaga, mynasyp zähmet şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen yzygiderli syýasaty alyp barýandygyny belledi. Maslahatda 2025-nji ýylda alnyp barlan bilelikdäki işleriň netijeleri seljerilip, 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Çykyş edenler öňdebaryjy halkara tejribäni milli zähmet gatnaşyklaryna ornaşdyrmagyň we Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlyk başlangyçlaryny giňeltmegiň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir