2026-njy ýylyň 12-nji martynda Tokioda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. Çärä Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň agzasy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň deputaty Takuma Miýadzi, «Akhal-teke Affinity Co. LTD» ýapon ykdysady jemgyýetiniň baş direktory, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Miçiko Aoe we beýleki ýapon atşynaslary gatnaşdy. Söhbetdeşligiň barşynda ýapon tarapyna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäklerinde amala aşyrylýan giň gerimli çäreler hem-de Türkmenistanyň atçylyk pudagyndaky döwlet syýasaty barada jikme-jik maglumat berildi. Duşuşykda Türkmenistanyň atçylyk sportuny ösdürmek we Ýaponiýanyň degişli birleşigi bilen hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň ahyrynda gatnaşyjylar Tokio atçylyk toplumynyň çäginde ýerleşýän Ahalteke bedewiniň heýkeline baryp gördi.