Hepdäniň başynda ABŞ-nyň birnäçe sebitinde yzigiderli dowam edýän güýçli harasatlar başlandy. Tehasdan Miçigana çenli bolan aralykdaky ýerlerde çabga ýagyşlary, uly göwrümli doly we güýçli ýel hasaba alyndy. Tebigy harasat sişenbe güni, 10-njy martda başlandy. Howa gullugynyň işgärleri tornadonyň emele gelendigini anykladylar. The New York Times neşiriniň ýazmagyna görä, bu ýagdaý sebitlere aşa köp ýagyn, tizligi sagatda 80 kilometre ýetýän güýçli ýel we ululygy şapbat ýaly dolulary getirdi. Sişenbe gününiň agşamynda howa şertleri has-da kynlaşdy we Illinoýs, Indiana hem-de Tehas ştatlarynda harasat duýduryşy yglan edildi. Tornado Çikagonyň takmynan 96 km golaýyndan geçdi. Iň uly zeper Leýk-Willij we Kankaki şäherlerinde hasaba alyndy. Tüweleý binalary ýykdy, agaçlary we elektrik ulgamlarynyň sütünlerini agdardy. Güýçli ýagan doly bolsa, daşardaky awtoulaglara zeper ýetirdi. CBS teleýaýlymynyň tebigy harasatyň netijesinde iki sany heläkçiligiň hasaba alnandygyny habar berdi. Şunlukda ýerli meteorologiýa gullugy täze duýduryşy çap etdi. Onda Tornadonyň gündogar tarapa — Merilend ştatyna tarap hereketini dowam etdirýändigi mälim edilýär. Häzirki wagtda Ellikott-Siti, Eldersburg we Saýkswill şäherleriniň ýaşaýjylaryna jaýlaryň ýerasty gatlarynda gizlenmek, daşary çykmazlyk, ýeňil gurluşly binalara we desgalara barmazlyk maslahat berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir