Amerikan aktrisasy we aýdymçysy Barbra Streýzand Kann kinofestiwalynda hormatly “Altyn palma şahasy” bilen sylaglanar. Bu barada festiwalyň guramaçylary habar berdiler. Baýrak onuň kino we saz sungatyna goşan goşandy üçin gowşurylar. Karýerasynyň dowamynda Streýzand meşhur aktrisa boldy we 37 studiýa albomyny çykardy. Guramaçylar onuň XX asyryň pop medeniýetinde agirt uly täsir galdyrandygyny belleýärler. "Bu ýyl biz öz sungatynyň güýji we erkinlik ugrunda barlyşyksyz göreşi bilen yz galdyran sungat işgärine hormat goýmak isledik. Zenan hökmünde bu ajaýyp dörediji we batyrgaý raýata haýran galýandygymyzy bildirmek mümkinçiligine eýe bolandygyma begenýärin, onuň göreldesi wagtyň synagyndan geçdi we ylham bermegini dowam edýär" - diýip, festiwalyň prezidenti Aýris Knobloh belledi. Festiwalyň direktory Týerri Fremo Streýzandyň "Brodweýiň we Golliwudyň, mýuzik-holl sahnasynyň we uly ekranyň rowaýata öwrülen sazlaşygyny" özünde jemleýändigini aýdýar. Ol onuň "öz tebigatyny görkezýän taslamalaryň başyny başlaýan sungat işgäridigini” sözüniň üstüne goşdy. Streýzandyň özi baýragy uly guwanç bilen kabul edýändigini aýtdy: "Häzirki ýeňil bolmadyk döwürde kino biziň umumy adamkärçiligimizi şöhlelendirýän wakalar, şeýle hem ejizligimizi we tutanýerliligimizi ýatladýan garaýyşlar üçin ýüreklerimizi we aňlarymyzy açmaga ukyplydyr. Kino serhetleriň, syýasatyň çäginden çykýar, has rehimli dünýäni kemala getirmekde göz öňüne getirmäniň güýjüni tekrarlaýar". 79-njy Kann kinofestiwaly 2026-njy ýylyň 12-23-nji maýy aralygynda geçiriler. Baýraga dalaş etjek filmleriň sanawy 9-njy fewralda yglan ediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir