Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik firmasy Dubaý Halkara Maliýe Merkeziniň (DIFC) sebitinde gurulmagy meýilleşdirilýän Janu Dubai köpugurly gurluşyk taslamasy bilen tanyşdyrdy. Arhitektorlar töweregindäki aýnadan gökdirän binalary bilen deňeşdirilende düýpgöter tapawutly dizaýny teklip etdiler. Bina çuň terrasaly we çykyp duran göwrümli agyr, heýkeltaraşlyk fasadyna eýe bolar. Bu çemeleşme daşdan oýlup ýasalan ýaly monolit täsirini döredýär. Binanyň berk geometriýasyny ýumşadyp, terrasalaryň gyralaryna dürli ösümlikler ekiler. Ýokarky gatlarda 57 rezidensiýa ýerleşer. Bu toplumda iki otagly kwartiralardan başlap, 1000 inedördül metrden gowrak meýdany bolan üç gatly penthauslar ýerleşer. Olaryň petikleriniň beýikligi 3,5 metre ýeter, bezegleri tebigy daşdan we agaçdan ýasalar. Ýaşaýjylaryň landşaftyň içinde gizlenen aýratyn girelgesi bolar. Şeýle hem, binada 18 metrlik foýe we suw howzy hem-de fitnes merkezi bolan dynç alyş zolagy bolar. Herzog & de Meuron 1978-nji ýylda Žak Hersog we Pýer de Mýoron tarapyndan Şweýsariýada esaslandyrylan binagärlik firmasydyr. Studiýa bütin dünýäde iri medeni we jemgyýetçilik taslamalary, şol sanda Londondaky Teýt Modern muzeýi we Pekindäki “Guş höwürtgesi” stadiony bilen tanalýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir