Apple kompaniýasy işläp düzüjiler üçin niýetlenen iOS 26.4, iPadOS 26.4 we macOS Tahoe 26.4 beta-wersiýalaryna sekiz sany täze emoji goşdy. Bu barada MacRumors neşiri habar berýär. Täze simwollaryň arasynda trombon, hazyna sandygy, çişen ýüz keşbi, ýeti (gar adam), uruş buludy, kosatka (kit), ýer opurylmagy, şeýle hem balet tansçysy peýda boldy. Mundan başga-da, göreşýän adamlar we towşan lybasyndaky adamlaryň emojileri üçin deri reňkleriniň täze görnüşleri goşuldy. Bu täze simwollar 2025-nji ýylyň güýzünde deslapky görnüşi tanyşdyrylan Unicode 17 täzelenmesine degişlidir. Adatça, Apple kompaniýasyna täze emojileri girizmek üçin birnäçe aý wagt gerek bolýar, sebäbi her bir simwol üçin aýratyn dizaýn döredilýär. Köplenç täze emojiler Apple enjamlarynda bahar paslynda — x.4 seriýaly täzelenmelerde peýda bolýar. Emojiler toplumynyň mundan öňki giňeldilmegi 2025-nji ýylyň martynda çykan iOS 18.4 wersiýasynda bolupdy. Şonda ulanyjylar gözüniň aşagy haltajykly ýüz, barmak yzy, ýapraksyz agaç, kök miweli ösümlik, arfa, pil, tegmili we La-Manş bogazyndaky Sark adasynyň baýdagy ýaly simwollary alypdylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir