Ford amerikan kompaniýasy 2026-njy ýylyň başynda ABŞ-da bejeriş işleri üçin 7,3 milliondan gowrak awtoulagyny yzyna çagyrdy. Bu görkeziji ýylyň başyndan bäri bary-ýogy 61 günüň içinde hasaba alyndy. Pudaklaýyn statistika görä, bu döwürde awtoöndürijiler jemi 61 sany serwis kampaniýasyny yglan etdiler. Şolaryň 17-si (umumy sanynyň takmynan 28%-i) Ford-yň paýyna düşdi. Yzyna çagyrylan awtoulaglaryň sany boýunça kompaniýanyň görkezijisi Amerikan bazaryndaky beýleki ähli öndürijileriň jeminden takmynan üç esse köpdür. Serwis kampaniýalarynyň sany boýunça ikinji orny Toyota we Hyundai paýlaşýarlar. Bu kompaniýalaryň her biri bäş gezek yzyna çagyryş yglan etdi. Bu ýagdaý 2025-nji ýylyň netijeleriniň dowamy bolup durýar. Şol wagt hem Ford önümçilik kemçilikleri boýunça lider bolupdy: jemi 12,9 million ulag bejergi üçin yzyna çagyrylypdy. Soňky giň gerimli yzyna çagyryşlaryň sebäpleriniň arasynda yzky görüş kameralarynyň köpçülikleýin öçmegi (takmynan 1,74 mln ulag), tirkeg ulgamynyň programma üpjünçiligindäki säwlikler (takmynan 4,3 mln ulag), şeýle hem Lincoln Navigator wnedorožnik awtoulaglarynyň oturgyçlarynyň hereket wagtynda öz-özünden süýşmegi ýaly meseleler görkezilýär.