Yandex kompaniýasy we «L.N.Tolstoýyň mirasy» halkara gaznasy beýik ýazyjynyň doglan gününiň 200 ýyllygynyň öňüsyrasynda hyzmatdaşlyk baglaşdylar. Kompaniýa gaznanyň esasy sanly hyzmatdaşy bolar we nusgawy ýazyjynyň edebi mirasyny gorap saklamaga ýakyndan gatnaşar. Ylalaşyga görä, Yandex L.N.Tolstoýyň Döwlet muzeý-goraghanasynyň golýazma gaznasyny sanlylaşdyrmaga goldaw berer. Bu işiň çäginde iki milliona golaý golýazma sahypasy, şol sanda eserler hem elektron görnüşe geçiriler. Bu gymmatly maglumatlar geljekde Tolstoýyň golýazmalar muzeýini döretmekde esas bolar. Taraplar «Tolstoýyň sözleri» taslamasynyň barşynda ýazyjynyň mirasynyň sanly ekoulgamyny hem ösdürerler. Bu taslamanyň çäginde awtoryň 90 tomluk eserler ýygyndysy eýýäm sanly görnüşe geçirildi. Şeýle-de emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen arhiw suratlaryny täzeden işlemek, ýazyjynyň sesini dikeltmek, eserleriň sýujetleri esasynda wirtual giňişlik döretmek meýilleşdirilýär Sanly ulgama geçirilen ähli maglumatlaryň onlaýn usulda elýeterli bolmagy dünýäniň dürli ýurtlaryndaky alymlara we okyjylara seýrek arhiwler bilen tanyşmaga mümkinçilik berer. Şol bir wagtyň özünde, Yandex özüniň «Arhiwler boýunça gözleg» hyzmatyny hem barha kämilleşdirýär. Häzirki wagtda bu platformada neýroulgamyň kömegi bilen okalan 22 milliondan gowrak taryhy resminama ýerleşdirilendir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir