Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos Floridanyň Indian-Krik adasyndan umumy bahasy takmynan 339 million dollar bolan birnäçe mülk ýeri satyn aldy. Maýami-Biç şäheriniň demirgazygynda, Biskeyn aýlagynda ýerleşip, hüşgär goralýan ada özüniň jebis ýapykdygy we ýokary derejeli howpsuzlygy sebäpli ilçilikde «milliarderleriň bunkeri» diýlibem atlandyrylýar. Mundan ozal, Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerbergiň öz maşgalasy bilen hut şu adadan 170 million dollara kaşaň jaý satyn alandygy mälim edilipdi. RIA Nowosti agentliginiň berýän habaryna görä, Bezos 2023-nji ýylyň ortalaryndan 2025-nji ýylyň iýunyna çenli bu ýerden jemi dört sany mülk ýer satyn alypdyr. Olaryň üçüsi Sukerbergleriň golaýynda ýerleşýär we umumy meýdany 26 müň inedördül metr töweregidir. 11-nji we 12-nji belgili, bahasy 147 million dollarlyk bu ýerler «Palm Trust» we «Cape Trust» gaznalary arkaly resmileşdirildi. Mülkleriň Bezosa degişlidigi 2024-nji ýylda öňki eýesiniň kazyýete eden şikaýatyndan soň mälim boldy. Şeýle-de milliarderiň bahasy 105 million dollar bolan 9-njy belgili mülki satyn alandygy hem çaklanylýar. Bu söwda bolsa «Ocean Trust» gaznasy arkaly amala aşyrylypdyr. Umuman alanyňda, Bezosa degişli diýlip çaklanylýan bu dört sany mülk ýeriň umumy bahasy 339 million dollara ýetýär.