Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident kasamynda «respublikanyň prezidentiniň borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetirmäge, milletiň garaşsyzlygyny gorap saklamaga, konstitusiýany we kanunlary berjaý etmäge hem-de olaryň berjaý edilmegini üpjün etmäge» söz berdi. Şondan soň senatyň başlygy Paulina Nunes oňa prezidentlik lentasyny gowşurdy. Hose Antonio Kast 973–1990-njy ýyllarda ýurdy dolandyran general Augusto Pinoçetiň harby düzgüninden bäri Çiliniň başyna geçen ilkinji ultrakonserwatiw syýasatçydyr. Dabaraly çärä Argentinanyň, Boliwiýanyň, Gondurasyň, Kosta-Rikanyň, Panamanyň, Paragwaýyň, Urugwaýyň we Ekwadoryň prezidentleri, şeýle-de Ispaniýanyň koroly gatnaşdy. Kast 2025-nji ýylyň 14-nji dekabrynda geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynda sesleriň 58,61 göterimini alyp, prezidentlige saýlanypdy. Onuň ygtyýarlyk möhleti 2030-njy ýyla çenli dowam eder. Saýlaw wagtynda ol aşakdaky wadalary beripdi: 18 aýyň dowamynda döwlet çykdajylaryny 6 milliard dollar azaltmaga, erkin bazary goldamaga we döwlet apparatyny gysgaltmaga, korporasiýalaryň girdeji salgydyny peseltmäge söz beripdi hem-de şol bir wagtyň özünde, bu çäreleriň pensiýalara we beýleki durmuş töleglerine täsir etmejekdigini aýdypdy. Täze prezidentiň başlangyçlarynyň arasynda bikanun migrasiýa we jenaýatçylyga garşy göreşi güýçlendirmek bar. Kast Boliwiýa we Peru bilen serhetlerde germewleri gurmagy, bikanun migrantlary ýurtdan çykarmagy hem-de jenaýatçylykly sebitlere gözegçilik etmek üçin ýörite operatiw topary döretmegi meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir