Eýranyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmaz. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň sport ministri Ahmad Donýamali TV2 teleýaýlymyna beren interwýusynda mälim etdi. Bu karar syýasy ýagdaýlar bilen baglanyşyklydyr. Donýamaliniň aýtmagyna görä, milli ýygyndy bölekleýin ABŞ-da geçiriljek ýaryşa gatnaşmagy meýilleşdirmeýär. 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna ABŞ, Kanada we Meksika bilelikde eýelik eder. Bije çekişligiň netijelerine görä, Eýranyň ýygyndysy «G» toparynda Belgiýa, Müsür we Täze Zelandiýa bilen duşuşmalydy. Dünýä birinjiligine gatnaşmakdan meýletin ýüz öwürmek örän seýrek duş gelýän ýagdaýdyr. Has dogrusy, XXI asyrda futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň taryhynda bu waka ýeke-täkdir. Eýranyň ornuna haýsy toparyň gatnaşjakdygy baradaky karary FIFA-nyň Geňeş býurosy kabul eder. Adatça, şeýle mesele ýüze çykanda saýlama oýunlaryna gatnaşan, reýtingi ýokary we gysga wagtyň içinde ýaryşa taýýar bolup biljek toparlar göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda iň ähtimal dalaşgärler hökmünde Aziýa futbol konfederasiýasynyň agzalary bolan Yrak we BAE (Birleşen Arap Emirlikleri) görkezilýär. 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli dowam eder. Taryhda ilkinji gezek bu ýaryşda 48 sany milli ýygyndy güýç synanyşar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir