«Eger häzirki bazar ýagdaýlary dowam etse, noutbuklaryň bölek satuw bahalary 40 göterime çenli gymmatlap biler» diýlip, TrendForce barlag merkeziniň hasabatynda bellenilýär. Bahalaryň ýokarlanmagyna esasy sebäp hökmünde taýýar enjamlara bolan islegiň azalmagy we noutbuklaryň iň zerur şaýlarynyň — ýat we prosessorlaryň gymmatlamagy görkezilýär. 2026-njy ýylyň başyndan bäri DRAM modullarynyň we NAND Flash ýat enjamlarynyň üpjünçiligi azaldy, bu bolsa käbir şaýlaryň gytçylygyna we bahalaryň galmagyna sebäp boldy. Öndürijiler üçin şaýlary satyn almak meýilleşdirmelerini amala aşyrmak barha kynlaşýar. Adatça, operatiw ýat we SSD ýaly ýat saklaýjy enjamlar noutbugyň doly bahasynyň takmynan 15 göterimini tutýar. Emma seljerijileriň çaklamasyna görä, eýýäm 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde bu görkeziji 30 göterimden geçip biler. Eger prosessorlaryň hem bahasy ýokarlansa, onda olaryň umumy bahadaky paýy 45 göterimden takmynan 58 göterime çenli artar. Şeýle ýagdaýda öndürijiler we dilerler öz girdejilerini saklap galmak üçin, noutbuklaryň bölek satuw nyrhyny bialaç 40 göterime çenli galdyrmaly bolarlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir