«Barselona» futbol klubunyň prezidentligine dalaşgär Žoan Laporta Mundo Deportivo neşirine beren interwýusynda Lionel Messä ýadygärlik dikmek we stadionyň gurluşygy tamamlanandan soňra argentinaly hüjümçiniň hormatyna hoşlaşyk duşuşygyny geçirmek niýetiniň bardygy hakynda aýtdy. «Biz stadionyň gurluşygy doly tamamlananda, Messä ýadygärlik oturtmak we onuň hormatyna hoşlaşyk duşuşygyny guramak isleýäris» diýip, Laporta interwýuda anyk belläp geçdi. Ol şeýle-de, gürrüňiň barşynda toparyň öňki baş tälimçisi Hawi hakda hem agzady. «Hawi öz interwýusynda meniň ony näme üçin wezipesinden boşadanymyň sebäplerini düşündirýär. Onuň özüne gereginden artyk göwni ýetip başlady hem-de hünäri bilen şahsy durmuşyny utgaşdyryp bilmedi. Ol «Barsanyň» «Real» bilen bäsleşip bilmejekdigini aýtdy we oýunçylary çalşyrmagy haýyş etdi. Men bolsa Hawä bu ýagdaýda işini dowam etdirip bilmejekdigini aýtdym» diýip, Laporta meseläniň döreýşini düşündirdi. Mundan ozal Hawi hem «gök-gyzyl reňklileriň» ýolbaşçylaryny öz işlän döwründe toparyň düzümini güýçlendirmekden ýüz öwrendikleri üçin tankytlapdy. Ol La Vanguardia gazetine beren interwýusynda ýarym goragçy Martin Zubimendini transfer etmek synanyşygy barada ýatlap: «Men ýolbaşçylardan Zubimendini satyn almagy haýyş etdim. Ýöne maňa «ýok» diýdiler. Bu maliýe taýdan kabul edilen çözgütdi. Şeýdip olar has arzan görnüşi saýladylar. Şonda biz Busketsi ýitiripdik. Menem «Bu nädip beýle bolup biläýdi?» diýip oýlandym» diýip, bolan ýagdaýlardan nägilelik bildiripdi. Hawi 2021–2024-nji ýyllar aralygynda «Barselona» toparynyň baş tälimçisi boldy. Bu döwürde topar Ispaniýanyň çempionlygyny we ýurduň Superkubogyny gazandy. Häzirki wagtda hünärmen işsizligi başdan geçirýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir