Alymlar ýyldyzly asmanyň iň gadymy kartalarynyň birini täzeden dikeltmäge synanyşýarlar. Bu katalog gadymy grek astronomy Gipparh tarapyndan biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda, ýagny teleskoplar peýda bolmazdan has öň düzülipdir diýip çaklanýar. Bu resminama uzak wagtlap ýitirilen hasaplanýardy. Emma barlagçylar katalogyň mümkin böleklerini VI asyryň golýazmasy bolan Codex Climaci Rescriptus-da tapdylar. Orta asyrlarda pergament gymmat materialdy, şonuň üçin köne tekstler köplenç gyrylyp aýrylyp, üstüne täzeleri ýazylýardy. Netijede, gadymy ýazgy soňky syýa gatlaklarynyň astynda gizlenip galypdyr. 2022-nji ýylda alymlar ýyldyzlaryň koordinatlarynyň üstki tekstiň aşagynda ýerleşip biljekdigini bildiler. Seljerme bu koordinatalar bilen Ýeriň presessiýasynyň - onuň aýlanma okunyň ýerleşýän ýeriniň haýal üýtgemeginiň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardy. Bu gözegçilikleriň senelenmesi Gipparhyň ýaşan döwrüne gabat gelýär. Golýazma häzirki wagtda SLAC National Accelerator Laboratory öwrenilýär. Alymlar güýçli rentgen şöhlelerini öndürýän bölejikleriň çaltlandyryjysy bolan sinhrotrony ulanýarlar. Bu usul syýanyň düzümini kesgitlemäge we gizlenip galan ýazgylaryň üstüni açmaga kömek edýär. Barlagçylar eýýäm ýyldyzlaryň birnäçe düşündirişini we Kowa ýyldyzlar toplumyna salgylanmany dikeltmegi başardylar. Fransiýanyň Milli ylmy barlaglar merkeziniň taryhçysy Wiktor Žizembergiň aýtmagyna görä, tapylan koordinatalar örän takykdyr. Golýazma takmynan 200 sahypadan ybarat, ýöne häzirlikçe olaryň diňe 11-si öwrenildi. Kartanyň doly dikeldilmegi üçin halkara hyzmatdaşlygy gerek bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir