7-nji martda Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň seýilgähiniň gurulýan ýerine baryp gördi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde görkezildi. Milli Lider täze şäheriň desgalary gurlanda diňe bir binalaryň gurluşygyna däl, eýsem olaryň bezeg aýratynlyklaryna hem üns bermelidigini belledi. Şeýle-de, seýilgähiň çäklerinde oturdyljak şekillere aýratyn jogapkärçilikli çemeleşmelidigini aýtdy. Seýilgähde oturdylan düýe kerweniniň we atlaryň şekilleriniň çeperçilik derejesiniň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem Milli Lider bedew bilen baglanyşykly esbaplaryň şekilleriniň oturdylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow atyň şekilleriniň üstünde işlemäge Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ýaş mugallymlaryny we talyplaryny çekmelidigini aýtdy. Mundan başga-da, ol seýilgähiň şäheriň ekologiýa ýagdaýyny kadaly saklamakdaky ornuna ünsi çekip, ýaşyl zolaklary döretmegiň we hemişe gök öwüsýän baglary oturtmagyň zerurdygyny nygtady. Şol bir wagtyň özünde häzirki wagtda bu ýerde alnyp barylýan işleriň döwrebap talaplara laýyk gelmeýändigi bellenildi. Gurbanguly Berdimuhamedow bu işlere örän jogapkärli we toplumlaýyn esada çemeleşmek babatda degişli ýolbaşçylara özüniň degerli maslahatlaryny berdi.