7-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişi, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary we olaryň içki bezegleri bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Milli Lideriň garamagyna täze şäheriň metjidiniň gurluşygynyň taslamalary, bezeg çözgütleriniň nusgalary we gurluşykda ulanyljak serişdeler hödürlendi. Önümçilik desgalarynyň enjamlaşdyrylyşyna we iş otaglarynyň guralyşyna aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow taýýarlanan binagärlik taslamalary barada giňişleýin maglumat berdi. Olaryň arasynda lukmançylyk klasteriniň dolandyryş binasynyň taslamalary, söwda we işewürlik binalarynyň içki bezeg işleriniň görnüşleri, desgalaryň ýerleşdirilişiniň şekil taslamalary, şeýle hem medeni-durmuş maksatly binalar üçin çözgütler bar. Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar bilen içgin tanyşyp, olar boýunça birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Ol şäheriň ikinji tapgyryndaky her bir binanyň özboluşly binagärlik aýratynlygynyň bolmalydygyny belledi. Taslamalar durmuşa geçirilende döwrebap tehnologiýalary milli binagärlik däpleri bilen utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir