Dünýä belli argentinaly hüjümçi Lionel Messi «Inter Maýami» amerikan futbol klubunda ýylda 70 milliondan 80 million dollara çenli alýar. Bu barada klubuň eýelerinden biri bolan Horhe Mas Bloomberg agentligine beren interwýusynda mälim etdi. Mas dünýä derejesindäki hemaýatkärleriň zerurlygyny futbolçylaryň örän gymmatlygy bilen düşündirip, Messä tölenýän her bir sentiň özüni doly ödeýändigini aýratyn nygtady. Messi 2023-nji ýylyň tomsundan bäri «Inter Maýaminiň» düzüminde çykyş edip gelýär we bu gysga wagtyň içinde topar eýýäm dört sany baýrak gazanmagy başardy. Olaryň arasynda klubuň taryhynda ilkinji gezek eýelenen Baş futbol ligasynyň (MLS) çempionlygy hem bar. Şeýle-de bolsa, Horhe Mas futbolçynyň şertnama gurluşynyň inçe detallaryny we klubuň oýunçy üçin sarp edýän umumy ýyllyk çykdajylaryny doly aýan etmedi. Häzirki wagtda 38 ýaşyndaky Lionel Messi futbol taryhynda iň köp baýrakly oýunçy bolup, onuň hasabynda jemi 48 sany baýrak bar. Ol 2003-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli Ispaniýanyň «Barselona» toparynda 10 gezek Ispaniýa çempiony, 7 gezek ýurduň Kubogynyň we 4 gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Soňra bolsa fransuz «Pari Sen-Žermen» toparynda hem çykyş etdi. Argentinanyň milli ýygyndysy bilen 2022-nji ýylda dünýä çempiony bolmagy we sekiz gezek «Altyn top» baýragyny eýelemegi Messiniň sport dünýäsindäki ornuny has-da berkidýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir