Britaniýanyň meşhur BBC agentligi XXI asyryň iň gowy hüjümçileriniň sanawyny taýýarlady. Onuň iň ýokary basgançagyny «towşandiş» lakamy bilen tanalýan braziliýaly Ronaldo eýeledi. Gyzykly tarapy, bu sanawa Kriştiano Ronaldu we Lionel Messi girizilmedi. Munuň sebäbi, olaryň meýdançada başga orunlarda (ganat hüjümçisi ýa-da pleýmeýker) oýnamagydyr. Reýting diňe «merkezi hüjümçi» (dokuzlyk) wezipesini ýerine ýetiren oýunçylary öz içine aldy. XXI asyryň iň gowy 10 sany merkezi hüjümçisiniň sanawy: Ronaldo (Braziliýa); Harri Keýn (Angliýa); Erling Holand (Norwegiýa); Týerri Anri (Fransiýa); Robert Lewandowski (Polşa); Didýe Drogba (Kot-d’Iwuar); Karim Benzema (Fransiýa); Zlatan Ibrahimowiç (Şwesiýa); Luis Suares (Urugwaý); Miroslaw Kloze (Germaniýa). Bu sanaw oýunçylaryň XXI asyrda klublarda hem milli ýygyndylarda gazanan üstünliklerine esaslanyp taýýarlandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir