Režissýor Jeýms Kemeron «Awatar» filminiň dördünji we bäşinji bölümleriniň ekranlara çykmazlygynyň mümkindigini habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, taslamanyň dowamlylygy «Awatar: Ot we kül» filminiň girdejisiniň ýagdaýyna bagly bolar. Häzirki wagtda «Awatar 4» filminiň 2029-njy ýylda, «Awatar 5»-iň bolsa 2031-nji ýylda çykarylmagy meýilleşdirilýär. Eger studiya bulary surata düşürmekden ýüz öwürse, Kemeron hekaýatyň nähili tamamlanýandygyny ýa-ha ýörite metbugat maslahatyny geçirip, jemlemäni jikme-jik gürrüň bermek ýa-da kitap ýazmak arkaly mälim eder. Awtoryň kitap babatda bir ýaýdanýan ýeri, häzirki döwürde adamlaryň az okaýandygy bolup durýar. Garaz režissýor «Awatar» äleminiň taryhynyň we medeniýetiniň doly işlenip düzülendigini gizlänok we ony zerur ýagdaýda paýlaşmaga taýýar. Gowy ýeri, häzirki wagtda üçünji filmiň girdejileri dördünji we bäşinji bölümleriň hem tomaşaçylara gowuşjakdygyna umyt döredýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir