NASA-nyň Ýere golaý asman jisimlerini öwreniş merkeziniň hünärmenleri 2024 YR4 asteroidiniň hereket ugruny anykladylar we onuň 2032-nji ýylda Aý bilen çaknyşmak ähtimallygyny doly aradan aýyrdylar. Ozal 2032-nji ýylyň 22-nji dekabrynda urgy bolmak ähtimallygy 4,3% diýlip çaklanylypdy. Emma täze hasaplamalar asteroidiň Ýeriň hemrasynyň üstünden 21 200 km aralykdan geçjekdigini görkezýär. Bu asteroid 2024-nji ýylyň ahyrynda açylypdy we 2025-nji ýylyň baharyna çenli adaty teleskoplar üçin örän solgun görnüp başlady. NASA takyk gözegçilikler üçin "Jeýms Uebb" teleskopyny ulandy, bu bolsa uzak garaşmazdan örän möhüm we anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berdi. Mundan ozal 2024 YR4-iň Ýer şaryna gaçmak ähtimallygy hem göz öňünde tutulypdy, emma bu howp eýýäm 2025-nji ýylyň başynda ret edilipdi. Şeýlelikde, bu asman jisimi tarapyndan ne Aýa, ne-de Ýere hiç hili howp abanmaýar.