türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginlerini ýokarlandyrmak we olara häzirki zaman sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyk işleriniň depginleri we beýleki binalaryň içki bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň görnüşleri barada giňişleýin maglumat berdi. Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Gahryman Arkadag häzirki döwürde mukaddes Oraza aýynyň dowam edýändigini, bu aýda tutuş yslam dünýäsinde bolşy ýaly, ýurtda sogap işleriň berjaý edilýändigini belläp, Oraza aýynda agzaçar sadakalarynyň berilmeginiň asylly däbe öwrülendigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, mart aýynyň 15-inden 16-syna geçilýän gijäniň Gadyr gijesi diýlip ykrar edilendigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurduň hormatly ýaşulylarynyň, dili senaly eneleriniň, welaýatlaryň ymamlarynyň, şeýle hem din wekilleriniň, köpsanly ýaşlaryň gatnaşmagynda Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasynyň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ähli gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda tamamlanmagynyň häzirki döwrüň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlenilýändigini belledi.