Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler tanyşlygynyň barşynda täze şäheriň seýilgähiniň gurluşygynyň dowam edýän ýerine bardy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň çäklerinde gurulýan desgalaryň gurluşygynda bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerine we oturdyljak şekilleriň gözegelüwli bolmagyna üns berilmelidigini aýdyp, täze şäheriň çäklerinde oturdyljak şekillere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Seýilgähde oturdylan düýe kerweniniň hem-de atlaryň şekilleriniň özboluşly aýratynlyklaryna ähmiýet berilmelidigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri seýilgähiň çäklerinde bedew bilen baglanyşykly esbaplaryň şekilleriniň oturdylmagynyň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri atyň şekilleri bilen bagly işlere Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ýaş mugallymlarynyň, talyplarynyň çekilmelidigini hem-de amala aşyrylýan bezeg we abadanlaşdyryş işlerinde ýaşlaryň başlangyçlarynyň teklipleriniň netijeli ulanylmalydygyny belledi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň ekologiýa ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmagynda täze seýilgähe möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu ýerde hemişe gök öwüsýän baglaryň, ýaşyl zolaklaryň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere üns berilmelidigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde bu işlere öz wagtynda taýýarlyk görülmelidigini, umuman, häzirki döwürde bu ýerde alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmeýändigini belläp, Gahryman Arkadag bu işlere örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşmek babatda degişli ýolbaşçylara özüniň degerli maslahatlaryny berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir