Şu gün Aşgabatda Halkara zenanlar güni mynasybetli döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda zenanlara dürli döwlet ýeňillikleri berilýär. Döwrebap derejede ýaşamaklary, zähmet çekmekleri üçin şertler döredilýär. Munuň netijesinde zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşda eýeleýän orny işjeň ýokarlanýar. Bu bolsa türkmen jemgyýetiniň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Dabaranyň dowamynda «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlar türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine alkyş sözlerini aýtdylar.