Türkiýäniň Antalýa şäheriniň kenarýakalarynda ynsan saglygy üçin howply bolan Rhopilema nomadica görnüşli meduzalar peýda boldy. Bu barada Akdeňiz uniwersitetiniň ylmy işgäri Mehmet Gökoglu habar berdi. Ol bu meduzalaryň käbiriniň agramynyň 10 kilograma çenli ýetip bilýändigini belleýär. Alymyň aýtmagyna görä, bu meduzalar aslynda Gyzyl deňizde ýaşaýar. Olar Ortaýer deňzine Sues kanaly arkaly geçip, wagtyň geçmegi bilen günbatara tarap ýaýrapdyrlar. Häzirki wagtda bu görnüş Ortaýer deňziniň basseýninde iň uly meduza hasaplanýar. «Eýýäm on günden bäri güýçli ýel öwüsýär, şol sebäpli akymlar köp sanly meduzany Antalýa aýlagyna getirdi. Bu ýagdaý azyndan maý aýynyň başyna çenli dowam eder. Iýun aýyna çenli deňziň suwy gyzar-da, meduza galmaz. Şunlukda howply ýagdaý hem aradan aýrylar» diýip, alym IHA agentligine gürrüň berdi. Hünärmen bu meduzalara golaýlaşmagyň howpludygyny duýdurmak bilen: «Gazan ýaly äpet bu meduzalaryň uzynlygy 1,5 metre ýetýän gysgyçlary-da bardyr. Eger suwda ak reňkli üýtgeşik bir zat görseňiz, ol ýerden daşlaşyň. Kenarda zyňlyp ýatan meduzalary-da ellemäň. Eger bardy-geldi, meduza degen bolsaňyzam, şol ýeri ammiak ýa-da gyzgyn suw bilen arassalaň. Bar bolsa, allergiýa garşy kremleri-de ulanyň» diýip, gaýragoýulmasyz maslahatlary berýär.