Marokkonyň Patyşalyk futbol federasiýasy «Barselonanyň» öňki ýarymgoragçysy Andres Inýestanyň milli ýygyndynyň sport direktory wezipesine bellenendigini mälim etdi. Bu barada «Atlas ýolbarslarynyň» ýolbaşçylygynyň täze düzümine bagyşlanan metbugat maslahatynda habar berildi. Mundan başga-da, Federasiýa erkekler milli ýygyndysynyň täze baş tälimçisini hem belledi. Bu wezipäni ozal ýurduň ýaşlar ýygyndylary bilen işlän 49 ýaşly Mohamed Uahbi eýeledi. Ol bu wezipede Walid Regraginiň ornuna geçdi. Inýesta ýygyndynyň sport düzümini ösdürmek işlerine jogap berer. FRMF-niň maglumatlaryna görä, ol hünär strategiýasyny işläp düzmäge gatnaşar hem-de milli ýygyndynyň, ýaşlar ýygyndylaryny taýýarlamak ulgamynyň we ýurduň futbol akademiýalarynyň arasyndaky özara baglanyşygy utgaşdyrar. Wezipä belleme ýurtda futbolyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen «Marokko 2030» ösüş maksatnamasynyň bir bölegidir. Federasiýa bu taslamanyň milli ýygyndyny, ýaşlar toparlaryny, türgenleşik akademiýalaryny we zenanlar futbolyny birleşdirýän bitewi ulgamy döretmegi göz öňünde tutýandygyny mälim etdi. Tälimçiler düzümine ozal «Pari Sen-Žermen», «Roma» we «Tottenhem» toparlarynda tälimçiniň kömekçisi bolup işlän Žoao Sakramento hem goşuldy. Onuň tejribesiniň ýygyndynyň taýýarlygyny we gündelik işini gowulandyrmaga kömek etmegine garaşylýar. Marokkonyň ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir