2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisi B.Rejepow Saken Seýfullin adyndaky Gazak Agrotehniki barlag uniwersitetiniň Dolandyryş geňeşiniň başlygy – rektory Kanat Tireuow bilen duşuşyp, bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmek barada pikir alyşdy. Soňra Ilçi uniwersitetiň professor-mugallymlary we bu ýerde bilim alýan türkmen talyplary üçin Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýaşlar syýasatyna bagyşlanan leksiýa bilen çykyş etdi. Diplomat öz çykyşynda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň häzirki wagtda strategik hyzmatdaşlygyň derejesine çykandygyny we 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini aýratyn nygtady. Şeýle hem çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby tanyşdyryldy. Duşuşygyň ahyrynda Ilçi talyplaryň okuw we sport üstünlikleri bilen gyzyklanyp, ýaşlary gyzyklandyrýan sowallara jogap berdi.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir