Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogar sebitinde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaý bilen baglylykda ýörite habar ýaýratdy. Habarda ýurduň ynsanperwerlik we özara hormat goýmak ýörelgelerine, şeýle hem halkara borçnamalaryna ygrarlydygy bellenilip, daşary ýurt raýatlarynyň we ulag serişdeleriniň türkmen-eýran serhedinden geçmegi üçin ähli zerur şertleri üpjün edýändigi nygtalýar. Şol bir wagtyň özünde, türkmen-eýran serhedindäki ähli halkara gözegçilik nokatlary adaty tertipde işlemegini dowam etdirýär. 2026-njy ýylyň 4-nji martyna çenli ýagdaýa görä goňşy Eýrandan Türkmenistana 200-den gowrak adam girdi. Serhetden geçenler dünýäniň 16 ýurdundan, şol sanda Merkezi Aziýa döwletlerinden, Hytaýdan, Russiýadan, ABŞ-dan, Finlýandiýadan, Şwesiýadan, Niderlandlardan, Germaniýadan, Türkiýeden we Saud Arabystanyndan bolan raýatlardyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir