Mercedes-Benz kompaniýasy Airbus ACH145 dikuçarynyň ýörite wersiýasyny döretmäge gatnaşdy. Bu täze modele "Mercedes-Benz Edition" diýen at berildi. Brendiň dizaýnerleri ýolagçy kabinasynyň interýerini özleriniň premium awtoulag modellerinde ulanylýan çözgütlerini esas edinip taýýarladylar. Dikuçaryň anyk bahasy açyk aýdylmasa-da, hünärmenleriň çaklamasyna görä, ol azyndan 10 million dollara barabardyr. Täze önümiň tanyşdyrylyşynda meşhur Mercedes-Benz G-klass (Gelendwagen) ulanyldy. Şunlukda, dikuçaryň salonynyň arhitekturasy Ştuttgardyň ýeňil awtoulaglarynyň stilini ýatladýar. Interýerde ýumşak çyzyklar bilen utgaşýan sypaýy minimalistik stil ulanylypdyr. Bezeg işleri gymmat bahaly deriden, tebigy agaçdan we metaldan ýerine ýetirildi. Kabinada ýörite oňaýly oturgyçlar, bulgur goýulýan konsollar we ownuk goşlar üçin niýetlenen ýerler bar. Müşderilere 6 sany esasy reňk görnüşi hödürlenýär, emma islege görä şahsy reňk taslamasyny hem sargyt etmek mümkin. Dikuçaryň tehniki mümkinçilikleri hem öwgä mynasyp. Onuň tizligi sagatda 250 km-e çenli ýetýär. Uçuş dowamlylygy 4 sagada çenli. Sygymy: 4-den 8 ýolagça çenli. Belläp geçsek, fewral aýynyň başynda Mercedes-Benz täzelenen S-klass sedanynyň interýeriniň täze görnüşini hem hödürläpdi. Onda ekologiýa taýdan arassa deriler, zygyr matasy we gaýtadan işlenen poliester ýaly materiallar ulanyldy.