Kanadanyň Britan Kolumbiýasy prowinsiýasynyň 19 ýaşly ýaşaýjysy Taý Sperl dünýäde DNK-nyň praým-redaktirlemesi tehnologiýasynyň kömegi bilen seýrek duş gelýän genetik keselden doly saplanan ilkinji näsag boldy. Bejerişiň netijeleri New England Journal of Medicine ylmy žurnalynda çap edildi. Sperl heniz bäş ýaşyndaka oňa dowamly granulomatoz keseliniň kesgitlemesi goýuldy. Bu seýrek duş gelýän kesel bolup, oňa duçar bolan adamlaryň immuniteti bedeni ýokanç kesellerden gorap bilmeýär. Ol köp ýyllaryň dowamynda her gün antibiotikleri we kömeleklere garşy dermanlary kabul etmäge mejbur boldy. Bejerişiň mümkin bolan usullarynyň biri süňk ýiliginiň göçürilmegidi, emma näsaga onuň üçin amatly donor tapylmady. Netijede ol gen redaktirlemesiniň täze tehnologiýasynyň kliniki barlaglaryna goşuldy. Bejeriş döwründe näsagyň öz ganynyň baldak öýjükleri alyndy, olardaky genetiki ýalňyşlyk düzedildi we soňra öýjükler bedene yzyna gaýtaryldy. Şundan soňra immunitet ulgamy kadaly işläp başlady. «Men şu ýaşyma çenli derman içip ýaşadym. Indi bu ýagdaý geçmişde galdy. Derman içmek zerurlygymyň ýokdugyna haýran galýan» diýip, Taý begenjini paýlaşýar. Alymlar bu netijeleri lukmançylyk üçin möhüm ädim hasaplaýarlar we bu tehnologiýanyň seýrek genetik kesellerden ejir çekýän adamlarda täze umyt döretjekdigini belleýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir