TCL kompaniýasy «MWC 2026» sergisinde täze «CrystalClip» simsiz gulaklyklaryny görkezdi. Bu model klipsa (gysgyç) ýaly dakylýan açyk gulaklyk bolup, ony ulanan wagtyňda töweregiňdäki sesleri hem eşidip bolýar. Gulaklyklaryň gurluşy titan splawyndan ýasalypdyr. Şol sebäpli olar gulakda ygtybarly durýar we uzak wagtlap dakylanda hem artykmaç agram salmaýar. Enjam goşa magnitli dinamik ses çykaryjylar, şeýle hem giňişleýin audio we baslary güýçlendirmek funksiýalary üpjün edilen. Jaňlar üçin bolsa, goşa mikrofonly ses basyjy ulgamy göz öňünde tutulypdyr. Gulaklyklar TCL smartfonlary bilen bilelikde ulanylsa, ýörite goşundylar arkaly sinhron terjime funksiýasyny hem ýerine ýetirip bilýär. Enjamyň zarýad beriş gutujygy bilen jemi iş wagty 36 sagada ýetýär, şeýle hem çalt zarýad beriş mümkinçiligi-de bar. Mundan başga-da, täze gulaklygyň Swarovski brendi bilen bilelikde döredilen aýratyn «CrystalClip» görnüşi tanyşdyryldy. Bu modelde kristallary bolan bägül görnüşli aksesuar bar. Ony gulaklyga dakyp ýa-da aýratyn şaý-sep hökmünde hem ulanyp bolýar. Gulaklygyň standart görnüşiniň bahasy 79 ýewro, «Swarovski» kristallary bilen bezelen görnüşiniň bahasy bolsa 149 ýewro diýlip kesgitlenildi.