Nikol Kidman "Skarpetta" serialyndaky keşbine taýýarlanýan döwründe patologoanatomyň işini özleşdirendigini aýtdy. Aktrisa bu barada Jimmi Fellonyň gepleşiginde gürrüň berdi. Serialda Kidman derňewlerinde döwrebap kriminalistik tehnologiýany ulanýan sudmedekspertiň keşbini janlandyrýar. Aktrisa öz keşbini has ynandyryjy etmek üçin taslamanyň üstünde işleýän mahalynda işläp ýören hünärmen bilen maslahatlaşandygyny belledi. "Scarpetta" serialy Patrisiýa Kornueliň adybir detektiw romanlar seriýasy esasynda surata düşürildi. Şeýle hem, serialda Jeými Li Kertis, Ariana DeBos, Bobbi Kannawale, Saýmon Beýker, Sozi Beýkon we Janet Montgomeri dagy surata düşdi. Comet Pictures we Blumhouse Television kompaniýalary Key Skarpette hakyndaky seriýany ekranlaşdyrmak hukuklaryny 2021-nji ýylda satyn alypdylar. Serialyň dörediljekdigi resmi taýdan 2023-nji ýylyň fewral aýynda yglan edildi. Taslama Dewid Gordon Grin we Şarlotta Brendstrem režissýorlyk etdiler. Liz Sarnoff bolsa ssenariýaçy we şouranner hökmünde çykyş etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir