Režissýor Gaý Riçiniň «Kanundan daşary» («Вне закона») atly täze filminiň ekrana çykmaly wagty ýene-de bir gezek yza süýşürildi. Indi filmiň premýerasy aprel aýynda bolman, iýun aýyna meýilleşdirildi. Aslynda bu filmiň surata düşüriliş işleri eýýäm 2023-nji ýylda tamamlanypdy. Taslamada Jeýk Jillenhol, Genri Kawill, Eýsa Gonsales we Rozamund Paýk ýaly Golliwudyň meşhur ýyldyzlary surata düşdüler. ABŞ-da filmiň prokaty bilen Black Bear kompaniýasy meşgullanýar. Myş-myşlara görä, filmiň käbir sahnasynyň täzeden surata düşürilmeginiň zerurlygy premýeranyň gijikdirilmegine sebäp bolan bolmagy ähtimal. Filmiň sýužetine görä, iki sany ýörite agent howply ýagdaýa düşen gepleşikçini halas etmeli bolýarlar. Bu film 2023-nji ýylyň tomsunda, Aktýorlar we ssenariçiler gildiýasynyň iş taşlaýyşlary dowam edýän wagtynda surata düşürilipdi. Mundan ozal filmiň 2025-nji ýylyň ýanwarynda çykmagy göz öňünde tutulypdy, emma Lionsgate kompaniýasy prokatdan ýüz öwrenden soň meýilnamalar üýtgedildi. Režissýor Gaý Riçi bu ýyl «Ýaş Şerlok» serialyny, «Jentlmenler» serialynyň ikinji möwsümini we «Aýaly we iti» atly doly göwrümli trilleri hem köpçülige hödürlemäge taýýarlanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir