Türkmenistanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasynyň 77-nji ekspedisiýasynyň (HKS-77) çäklerinde «Soýuz MS-31» gämisine serkerdelik eder. Bu barada «Roskosmosyň» düzümine girýän Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň saýtynda habar berilýär Bu uçuş Oleg Kononenkonyň karýerasynda kosmosa altynjy uçuş bolar. Ol kosmosda bolan umumy wagty 1 000 gije-gündizden geçen taryhdaky ilkinji adam boldy. Geçen saparky uçuşdan soňra, onuň umumy uçuş wagty 1 111 gije-gündize ýetdi. Ýeri gelende bellesek, Oleg Kononenko 1964-nji ýylda Türkmenistanyň Çärjew şäherinde (häzirki Türkmenabat) doguldy. 1988-nji ýylda Harkow awiasiýa institutyny uçar hereketlendirijisi hünäri boýunça tamamlady. Kononenko halkara kosmos stansiýasyna 2008-nji ýylda ilkinji kosmos uçuşyny amala aşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir