3-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Matilda Bogner bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň halkara başlangyçlary, ýurduň bitaraplyk hukuk ýagdaýy we ählumumy parahatçylygy üpjün etmekdäki orny, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada pikir alyşdy. Türkmen tarapy adam hukuklary babatdaky borçnamalary ýerine ýetirmekde halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň degişli düzümleri bilen özara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Milli kanunçylygy kämilleşdirmek işinde halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şeýle hem BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Sebitleýin edarasynyň alyp barýan işleri barada maglumat berildi. Bu işler sebitiň ýurtlarynyň hökümetleri, hökümetara guramalar, raýat jemgyýeti, hususy pudak we BMG-niň düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynda adam hukuklaryny goramak boýunça maksatnamalary taýýarlamaga gönükdirilendir. Matilda Bogner adam hukuklaryny goramak, gender deňligini üpjün etmek we maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny goramak meselelerinde Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, geljekde hem gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardygyny bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir