4-nji marta geçilýän gije Barselonada Ispaniýanyň Kubogynyň 1/2 finalynyň jogap oýnunda «Barselona» bilen Madridiň «Atletikosy» duşuşdy. Kataloniýalylar 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy, emma finala çykmak üçin bu hasap ýeterlik bolmady. «Barselonanyň» düzüminde Mark Bernal 29-njy we 72-nji minutlarda iki gol geçirdi. Ýene bir goly birinji ýaryma goşulan wagtynda (45+5) penaltini takyk ýerine ýetirmek bilen Rafinýa öz adyna ýazdy. Jogap duşuşygyndaky uly hasaply ýeňşe garamazdan, iki oýnuň jemi boýunça «Atletiko» öňe saýlandy. Birinji duşuşykda madridliler 4:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy (umumy hasap — 4:3). «Atletiko» 2013-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Ispaniýanyň Kubogynyň finalyna çykdy. Diego Simeoneniň topary finalda «Real Sosýedad» we «Atletik» toparlarynyň arasyndaky oýnuň ýeňijisi bilen duşuşar. Bu duşuşygyň ýeňijisi şu gije belli bolar. Ispaniýanyň Kubogynyň häzirki eýesi «Barselona» bolup galýar, olar 2025-nji ýylyň finalynda Madridiň «Realyny» 3:2 hasabynda utdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir