Bugatti kompaniýasy ady agzalmadyk müşderiniň ýörite buýurmasy esasynda döredilen we «La Perle Rare» (seýrek dür dänesi) diýlip atlandyrylan unikal W16 Mistral rodsterini tanyşdyrdy. Bu awtomobil dür-ak we altynsow reňkleriň ajaýyp sazlaşygynda ýerine ýetirilip, bäş sany «tans edýän pil» şekili bilen bezelipdir. Bu özboluşly simwol markanyň esaslandyryjysy Ettore Bugattiniň dogany, meşhur heýkeltaraş Rembrandt Bugatti tarapyndan döredilipdir we ozal Bugatti Type 41 modelini bezäpdir. Täze W16 Mistral modelinde bolsa iki sany göwrümli pil şekili ulagyň bosagalaryna ýerleşdirilip, ýene ikisi oturgyçlaryň kelle goýulýanynda keşdelenipdir. Bäşinji pil bolsa altyn heýkeljik görnüşinde bolup, ol tizlik karobkasynyň tutawajyna oturdylypdyr. Awtomobiliň kuzowy iki reňkli dizaýna eýe bolup, onuň ýokarky bölegi ýyly altynsow metallik, aşaky bölegi bolsa perlamutr öwüşginli süýt reňkinde el bilen boýalypdyr. Şonuň ýaly-da, ulagyň salony we teker diskleri hem şol bir reňk gammasynda bezelipdir. W16 Mistral 2024-nji ýylda Papenburg awtodromynda 453,91 km/sag tizlige ýetip, dünýäniň iň çalt açyk üstli awtomobili diýlip ykrar edildi. Bugatti Chiron platformasynda gurlan bu model 1600 at güýjüne eýe bolan kuwwatly W16 hereketlendirijisi bilen üpjün edilipdir. Jemi 99 nusgada öndürilen bu rodsteriň başlangyç bahasy 5 million dollar töweregi bolupdy.