Apple TV+ hem Netflix kompaniýalary 6–8-nji martda Awstraliýada başlanjak Formula-1 dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň öňüsyrasynda özara hyzmatdaşlygy yglan etdiler we awtoýaryşyň tomaşaçylarynyň hatyrasyna ilkinji gezek güýçlerini birleşdirdiler. Ylalaşyga görä, çempionaty ABŞ-da görkezmek baradaky eksklýuziw hukuklara eýe bolan Apple TV+, 22–24-nji maýda geçiriljek Kanada Gran-prisini göni ýaýlymda görkezmek üçin Netflix-e goşmaça hukuk berdi. Muňa derek Netflix kompaniýasy Apple-e özüniň meşhur «Diri galmak üçin göreş» («Стремление выжить») dokumental serialynyň sekizinji möwsümini öz ekoulgamyna birleşdirmäge rugsat berdi. Şeýlelikde iki striming platformasynyň tomaşaçylary hakykat ýüzünde birleşdirildi. Bu ylalaşyk Netflix üçin hukuklaryň doly bukjasyny satyn almazdan, Formula-1 ýaryşynyň göni ýaýlymyny ilkinji gezek synagdan geçirmäge mümkinçilik döretdi. Apple üçin bolsa 2026-njy ýylyň möwsüminiň öňüsyrasynda täze ulanyjylary özüne çekmegiň amatly usuly boldy. Ýeri gelende bellesek, Netflix-iň bu ylalaşyk üçin özüniň asyl kontentini gönüden-göni bäsdeşi bilen paýlaşmagy görlüp-eşidilmedik ýagdaýdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir