Xiaomi kompaniýasy Barselonada geçirilýän MWC 2026 sergisinde özüniň täze konseptual elektrikli giperkaryny — Xiaomi Vision GT-ni tanyşdyrdy. Xiaomi Vision GT — bu «Gran Turismo 7» ýaryş oýny üçin ýörite döredilen doly göwrümli awtomobil nusgasydyr. Bu ulag özüniň örän pessejik gurluşy we aýdyň aerodinamiki dizaýny bilen beýlekilerden saýlanýar. Kompaniýanyň baş dizaýneri Li Týanýuanyň aýtmagyna görä, işläp düzüjiler daşyndan hiç hili goşmaça detallary ulanmazdan, awtomobiliň göwresiniň maksimal derejede ýylmanak we süýri bolmagyny gazandylar. Awtomobiliň salony gaýçy görnüşinde ýokaryk açylýan gapylar we giň kuzow bilen birleşdirilen damja şekilli kabina bilen enjamlaşdyrylypdyr. Içerisinde ekrany bolan şturwal-rul, şeýle hem öňki aýnanyň aşagynda ýerleşýän giň displeý oturdylypdyr. Giperkaryň esasynda 900 woltlyk uglerod-kremniý platformasy durýar. Şeýle-de bolsa, awtomobilde 1900 at güýjüne deň bolan kuwwatlygy saklap biljek uglerod-keramiki tormoz diskleri ulanylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir