Finlýandiýanyň Nokian Tyres kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup tikenleriniň ýagdaýyny awtomat usulda üýtgedýän Hakkapeliitta 01 nusgaly awtomobi teker toplumyny hödürledi. Bu täzelik sürüjä dahylsyz öz-özünden dürli howa şertlerine görä uýgunlaşmak üçin niýetlenendir. Tekeriň gurluşy ýörite rezin garyndysyna we tekeriň ýüzündäki nagyşlaryň köp gatlakly gurluşyna esaslanýar. Daşarky gurşawyň temperaturasy ýokarlananda, tikenler içine çekilýär. Bu bolsa gury asfaltdaky sesi azaltmaga we has oňaýly hereket etmäge kömek edýär. Howanyň temperaturasy peselende bolsa, tikenler gaýtadan daşyna çykyp, buzly ýollarda ýere berk ýapyşmagy üpjün edýär. Şeýlelikde Hakkapeliitta 01 gyş paslyndaky buzly ýollarda durnuklylygy we tomus şertlerindäki ýollarda bolsa endigan hereketi özünde jemleýär. Täze önümiň şu ýylyň güýzünde satuwa çykmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir