Şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy tamamlanar we ulanylmaga berler. Bu maksatnama işjeň maýa goýum syýasatyna hem-de önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna goýulýan maýa goýumlaryň möçberini artdyrmaga ünsi jemleýär. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär. Maksatnamanyň çäklerinde şu ýyl gury ýer, suw we howa ulaglary arkaly ýük dolanyşygy ep-esli artdyrylar. Bu ugurda ýükleriň üstaşyr geçirilmegini artdyrmak üçin täze ugurlar dörediler we ýurduň geosyýasy ýerleşişiniň artykmaçlyklaryndan peýdalanylyp, ulag hyzmatlarynyň hili ýokarlandyrylar. Şu maksatlar bilen 2026-njy ýylda Arkadag şäherinde demir ýol menziliniň we awtomenziliň gurluşygyny tamamlap, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Deňiz ulaglary pudagynda iki sany ýük gämisini we bir sany deňziň düýbüni çuňaldyjy gämini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Maksatnama Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» döwrebap ammar toplumynyň gurluşygyny, şeýle hem deňiz flotunyň «Ro-Ro» görnüşli täze gämi bilen üpjün edilmegini öz içine alýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir