Smartfonlar üçin niýetlenen Starlink Direct-to-cell hemra aragatnaşygy hyzmaty resmi taýdan täze — Starlink Mobile adyny aldy. SpaceX kompaniýasy ulgamyň işleýiş aýratynlyklary barada goşmaça maglumatlary paýlaşdy. Starlink Mobile hemralary ýörite işlenip düzülen kremniý çözgütleri we fazasy üýtgedilen antenna torlary bilen üpjün edilipdir. Älemden berilýän aragatnaşygyň tizliginiň 5G derejesindedigi we maglumat geçiriş dykyzlygynyň V1 nesil hemralaryndan 100 esse ýokarydygy mälim edildi. Ulgam maglumat geçirmegi, saýtlara girmegi, ýokary tizlikli programmalary ulanmagy we sesli aragatnaşygy, edil ýerüsti ulgamlar ýaly, hiç hili kesilmesiz amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, bu tehnologiýa müňlerçe giňişlik şöhlelerini ulanýar we birinji nesil hemralaryna garanyňda takmynan 20 esse uly geçirijilik ukybyny üpjün edýär. Starlink Mobile öň aragatnaşyk elýetersiz bolan sebitleri öýjükli aragatnaşyk bilen üpjün etmäge gönükdirilendir. Direct to Cell tehnologiýasy eýýäm 13 milliondan gowrak ulanyjyny birikdirdi. SpaceX şeýle hem häzirki we geljekki aragatnaşyk meýdanynyň kartasy bolan Starlink Mobile saýtyny işe girizdi. Hyzmat eýýäm 32-den gowrak ýurtda işleýär, 1,7 milliarddan gowrak adamy öz içine alýar we 40-dan gowrak programma hem-de 100-den gowrak enjam modeline laýyk gelýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir