Britan inženeri we wideoblogeri Jeýms Bruton deňagramlylygy saklap, ýekeje şaryň üstünde durup hereket edýän elektrikli motosikliň işçi prototipini hödürledi. Bu enjam korpusyny öwürmezden islendik keseligine ugra hereket edip bilýär. Motosikliň görkezme wideosy awtoryň YouTube kanalynda çap edildi. Ulagyň deňagramlylygyny şaryň ýokarsynda biri-birinden deň aralykda ýerleşdirilen üç sany omni-tigir üpjün edýär. Her tigir kuwwaty 2 kWt çenli bolan elektrik hereketlendiriji bilen üpjün edilen we dikligine gurnalandyr. Bu çözgüt ýokary öwrümlerde passiw rolikleriň biri-birine urulmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Tigirleriň her haýsynda 18 rolikden ybarat iki hatar bar. Ulgamdaky rolikleriň jemi sany 216-a ýetýär. Durnuklylygy saklamak üçin inersial ölçeg blogynyň maglumatlaryny işläp düzýän we ähli hereketlendirijileri bir wagtda dolandyrýan PID-sazlaýjy jogap berýär. Energiýany çykyş güýji 50 wolt bolan alty sany litiý-polimer akkumulýatory üpjün edýär. Enjamyň ramasy alýumin profilden ýasalyp, şaýlaryň köpüsi bolsa 3D-printerde çap edilendir. Synag wagtynda iki sany mesele – gapdal dolandyryşynyň ýoklugy we tigir bilen şaryň biri-birine sürtülmegi netijesinde emele gelip, elektronika päsgel berýän elektrik ýygnanma ýüze çykdy. Taslamanyň başlangyç kody we CAD-faýllary hemmeler üçin açyk görnüşde ýerleşdirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir