Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Iliana Ýotowa we ýurduň halkyna milli baýram — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habarlar agentligi habar berýär. Döwlet Baştutany Prezident Iliana Ýotowa berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Bolgariýa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Bolgariýanyň Milli baýramy bolan Azat ediş güni her ýylyň 3-nji martynda dabaraly bellenilýär. Bu sene 1878-nji ýylda San-Stefano parahatçylyk şertnamasyna gol çekilmegi we Bolgariýanyň Osman imperiýasynyň bäş asyrlyk agalygyndan soňra öz garaşsyzlygyny gaýtadan dikeltmegi bilen baglydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir