2-nji martda Aşgabadyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene hüwdüsi — iň kämil eser» atly dabaraly maslahat geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlis, Medeniýet ministrligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy. Maslahatyň dowamynda zenanlaryň çekýän zähmetiniň ähmiýeti, häzirki döwürde milli el hünäriniň ösdürilişi, çagalary terbiýelemekde we maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamakda eneleriň tutýan orny barada çykyşlar diňlenildi. Nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlaryň dowamatlylygyna aýratyn üns berildi. Dabara ýurduň sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Ýerine ýetirilen eserlerde zenanlara bolan hormat, ene söýgüsi, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we milli agzybirlik temalary öz beýanyny tapdy. Şeýle hem Türkmenistanda zenanlaryň zähmet çekmegi, öz ukyplaryny amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi bellenildi. Maslahata gatnaşyjylar jemgyýetde zenanlaryň ornuny goldamakda döwlet tarapyndan edilýän alada üçin ýurt ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir