3-nji martda şu ýylyň ilkinji doly Aý tutulma hadysasy bolar, onuň dowamynda Ýeriň hemrasy 58 minudyň dowamynda gyrmyzy öwüşgin alar. Bu tebigy hadysanyň jikme-jikliklerini Perm politehniki uniwersitetiniň (RF) astronomiýa boýunça hünärmeni Ýewgeniý Burmistrow mälim etdi. Bu hadysa Ýer şary Gün bilen Aýyň arasynda bir çyzykda ýerleşen wagty başlanar. Alymyň düşündirmegine görä, Gün şöhleleri Ýeriň atmosferasyndan geçende döwülýär: gök reňkler dargap gidýär, uzyn gyzyl tolkunlar bolsa Aýyň ýüzüne ýetip, ony mis ýa-da goňur reňke boýaýar. Reňkiň derejesine stratosferanyň tozany we howa şertleri täsir edýär. «Gün tutulmalaryndan tapawutlylykda, Aý tutulmalarynyň diňe iki sany esasy görnüşi — bölekleýin we doly görnüşleri bolýar» diýip, Ýewgeniý Burmistrow belleýär. Tebigy hadysanyň umumy dowamlylygy 5 sagat 39 minut bolar. Doly faza Aşgabat wagty bilen sagat 16:04-den 17:03-e çenli garaşylýar. Indiki şeýle astronomik hadysa diňe 2028-nji ýylyň 31-nji dekabrynda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir