Stenford we Ýell uniwersitetleriniň bilermenleri Gemini 2.5 algoritminiň Garri Poter baradaky birinji kitabyň tekstiniň 76,8%-ini, Grok 3 modeliniň bolsa, 70,3%-ini ýokary takyklyk bilen dikeldip bilýändigini görkezýän tejribe geçirdiler. Gözlegçiler goraýyş mehanizmlerinden aýlanyp geçmek üçin soraglary ulanyp, Claude 3.7 Sonnet-den hem mazmunyň ähli bölegini diýen ýaly alyp bildiler. Londonyň Imperiýa kollejiniň amaly matematika we kompýuter ylymlary boýunça professory Iw-Aleksandr de Monžua: «Ýatda saklamagyň ozal çaklanandan has çynlakaý meseledigine şaýatlyk edýän subutnamalar köpelýär» diýip, ýagdaýa düýpli baha berdi. Hukuk bilermenleri şeýle faktlaryň kompaniýalaryň maglumatlardan «ynsaply peýdalanmak» baradaky delillerini gowşadýandygyny belleýärler. Pinsent Masons hukuk kompaniýasynyň intellektual eýeçilik boýunça hyzmatdaşy Seris Win Dewis hem hut şuny göz öňüne tutmak bilen: «Gözlegiň netijeleri EA modeliniň awtorlyk hukugy bilen goralýan eserleri saklamaýandygyny ýa-da dikeltmeýändigini tassyklaýanlar üçin mesele döredip biler» diýip nygtady. Anthropic kompaniýasynyň wekilleri degişli döwmek usullarynyň adaty ulanyjylar tarapyndan ulanylmaýandygyny we modelleriň diňe sözleriň arasyndaky kanunalaýyklyklary özleşdirýändigini aýtdylar. xAI, OpenAI we Google kompaniýalary testleriň bu netijelerine teswir bermediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir