«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Dubaý — Aşgabat we Aşgabat — Jidda — Aşgabat ugurlary boýunça amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylýandygyny habar berdi. Awiakompaniýanyň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, uçuşlar 2026-njy ýylyň 2-nji martyndan 4-nji martyna çenli ýatyryldy. Bu karar Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi. Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiabiletlerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp, ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip bilerler. Munuň üçin biletleriň satyn alnan ýerine ýa-da awiakompaniýanyň wekilhanalaryna ýüz tutmak maslahat berilýär. Onlaýn arkaly satyn alnan biletleriň puly töleg geçirilen bank kartyna yzyna gaýtarylar. Ýolagçylara gatnawlaryň ýagdaýy baradaky iň soňky maglumatlary awiakompaniýanyň resmi saýtyndan we resmi habarlaşyk kanallaryndan yzarlamak maslahat berilýär. Awiakompaniýa ýüze çykan oňaýsyzlyklar üçin ötünç soraýar we ýolagçylara düşünişýändikleri üçin minnetdarlyk bildirýär. Habarlaşmak üçin maglumatlar: Jidda: +90 545 575 15 83; ops@favorite-ias.com Dubaý: +971 50 280 05 08; ticket.mida@gmail.com Türkmenistan: +993 12 39-17-78, 23-03-15, 23-03-18; info@turkmenistanairlines.tm

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir