Şarlotta Brontäniň «Jeýn Eýr» romanynyň esasynda surata düşüriljek täze teleserialda baş roly «Ak lotos» (The White Lotus) serialy arkaly tanalýan aktrisa Eými Lu Wud ýerine ýetirer. Bu barada Deadline neşiri Britaniýanyň Working Title studiýasyna salgylanyp habar berýär. Serialyň ssenariýasyny öň «Mirasdüşerler» (Succession) serialynyň döredilmegine gatnaşan Miriam Battiýe ýazar. 1847-nji ýylda ýazylan bu nusgawy romanynda wakalar XIX asyrda Angliýada özbaşdaklyga we jemgyýetçilik deňligine ymtylýan ýetim gyz Jeýn Eýriň ykbaly yzarlanýar. Eser birnäçe gezek kino we telewideniýe üçin ekranlaşdyryldy, emma soňky birnäçe ýylyň dowamynda kitabyň uly göwrümli şekillendirmesiniň başyna baran bolmandy. Kitabyň esasynda düşürilen filmleriň has-da ikisi uly meşhurlyk gazanypdy: biri — 1996-njy ýylda režissýor Franko Dzeffirelliniň düşüreni (onda baş keşbi Şarlotta Gensbur ýerine ýetirýär), beýlekisi bolsa — 2011-nji ýylda Keri Fukunaganyň surata düşüreni (onda baş gahrymany janlandyran Mia Wasikowska).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir