BMW konserni klimat ulgamynyň simlerinde ýüze çykan kemçilik sebäpli Demirgazyk Amerikada 5-nji we 7-nji seriýaly awtomobillerini yzyna çagyrmak çäresini yglan etdi diýip, Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň Milli administrasiýasy habar berýär. Simleriň ýerleşişindäki säwlik, salonyň süzgüji (filtri) çalşyrylan wagty olaryň zeperlenmegine sebäp bolup bilýär. Bu bolsa gysga utgaşma we ýangyna eltip biljek töwekgelçiligi döredýär. Hyzmat ediş çäresine 2023–2026-njy ýyllar aralygynda öndürilen ulaglar degişlidir. Sanawa M5 sedany we uniwersaly, i5 we i7 elektrik modelleri, şeýle hem BMW 550e we 750e gibrid görnüşleri girdi. Barlagdan geçmeli ulaglaryň umumy sany takmynan 59 müňe ýetýär. Kompaniýanyň wekilleriniň düşündirmegine görä, bu näsazlyk öndürilen ulaglaryň diňe 0,1%-inde duş gelmegi mümkin. Hünärmenler ähli ulaglary gözden geçirerler we kemçilik ýüze çykarylan ýagdaýynda simleri çalşarlar. Näsazlyklaryň öňüni almak üçin bolsa awtomobillere goşmaça berkitme elementleri gurnalar. Öndürijiniň maglumatyna görä, häzirki wagta çenli bu sebäpli ýangyn, heläkçilik ýa-da şikes ýetme ýagdaýlary hasaba alynmady.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir